- aýny
- 1Gepl. d. Dürli hereketler edip il gülüşdirýän, kelpeň, kelçik (adam).∙ Diýseňizem ol örän aýny adam.◊ aýny bolmasa — Bolar-bolmaz ýerden, kelçiklik edip..∙ A gyz, galyň gyrnak, aýny bolmasa, ýene öweý ene diýjekdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2Edil, tüýs, diýen.∙ Hasylyň aýny wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnalmagyny gazanmak gerek. («Sowet Türkmenistany» gazeti)∙ Oka, ýene-de oka, Aýny okajak çagyňdyr. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.